"Türkiýe Owganystan meselesiniň çözülmegine goşant goşup biler"

Russiýanyň Prezidenti Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi

1151018
"Türkiýe Owganystan meselesiniň çözülmegine goşant goşup biler"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Türkiýäniň, Owganystan meselesiniň çözülmegine goşant goşup biljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen Türkiýäniň paýtagty Ankarada duşuşan Zamir Kabulow, rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Günorta Aziýa ýurtlary bölüminiň müdüri ilçi Ryza Hakan Tekin bilen duşuşandygyny aýdan Kabulow “ Türkiýe, Owganystanda esasy aktýor we Owganystan meselesiniň çözülmegine goşant goşup biler. Geljekde Moskwada geçiriljek maslahata  Türkiýäniň gatnaşmagyndan hoşal bolarys” diýdi.

ABŞ-nyň Al Kaida we DAIŞ ýaly terror guramalaryna garşy göreşde Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny aýdan Kabulow “ABŞ Owganystanda ylalaşyk gazanylmagy üçin möhüm teklip hödürledi. Russiýa şol teklibe oňyn garaýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar