Sudanda 1 ýyl möhlet bilen Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi

Sudanyň Prezidenti Ömer Al Beşir hökümetiň işiniň bes edilendigini belledi

1150959
Sudanda 1 ýyl möhlet bilen Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi

Sudanyň Prezidenti Ömer Al Beşir hökümetiň iş başyndan çekilendigini we ýurtda 1 ýyl möhlet bilen Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini mälim etdi.

Prezident Beşir paýtagt Hartumdaky Prezident köşgünde halka ýüzlenip eden çykyşynda, milli ylalaşyk hökümetiniň we 18 welaýatdaky ýerli häkimiýetleriň işiniň bes edilendigini we ýurtda 1 ýyl möhlet bilen Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini aýtdy.

Sudanyň Prezidenti harby goşuny we halky goramaga dowam etjekdigini belledi we kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilşi bilen hut özüniň ýakyndan gyzyklanjakdygyny nygtady.

Prezident Beşir ähli syýasy partiýalara, ýaragly toparlara we ýaşlara dialog çagyryşyny berdi.

 

 

 



Degişli Habarlar