Maduro ýurdunyň Braziliýa serhedini ýapdy

Maduro “Halky goramak” maksady bilen şeýle kararyň kabul edilendigini belledi

1150306
Maduro ýurdunyň Braziliýa serhedini ýapdy

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurdunyň Braziliýa serhediniň düýn ýerli wagt bilen sagat 20.00-da ýapylandygyny aýtdy.

“Halky goramak” maksady bilen şeýle kararyň kabul edilendigini aýdan Maduro, ýurdunyň Kolumbiýa bilen  bolan serhediniň hem doly ýapylyp bilinjekdigini nygtady.

Goňşy ýurtlar bilen serhetleriň ýapylmagy meselesini gün tertibinde tutmaga dowam etjekdiklerini aýdan Maduro, Kolumbiýanyň ýaragly güýçlerine bolsa Wenesuela garşy meçew beriji hereketlerden gaça durmagy barada çagyryş berdi.

Maduro, oppozisionerler tarapyndan ýurda ynsanperwer kömeginiň getiriljek güni bolan 23-nji fewralda ýurtda haýsydyr bir waka başdan geçirlen halatynda şol wakalardan Kolumbiýanyň Prezidenti İwan Duguewiň jogapkär hasap ediljekdigini ýatlatdy.

Kolumbiýadan soň Braziliýa hem Wenesuela serhedine ynsanperwer köemgini ugratjakdygyny mälim edipdi.

Madoru “ýardam jedelleşiginiň” ABŞ-nyň basyp alyjy strategiýasynyň bir bölegidigini we muňa asla rugsat bermejekdiklerini nygtaýar.

Oppozisionerler bolsa 300 müň adamyň gyssagly kömege mätäçdigi we 2 million adamyň hem saglygyna uly howpyň abanýandygy sebäpli ýurda gyswa wagtda ynsanperwer kömeginiň getirilmegini isleýär




 

 

 



Degişli Habarlar