Putin-Netanýahu duşuşygy yza süýşürildi
Netanýahunyň Ysraýylda başdan geçirilýän syýasy wakalar sebäpli duşuşygyň geçiriljek wagtynyň üýtgedilmegini isländigi nygtalýar
Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Russiýanyň paýtagty Moskwada boljak duşuşygy yza süýşürildi
Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän beýanatyna görä, Ysraýylly ýokary derejeli ýolbaşçy iki lideriň şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini we duşuşygyň geçiriljek wagtyny we ýerini kesgitlejekdigini aýtdy.
Netanýahunyň Ysraýylda başdan geçirilýän syýasy wakalar sebäpli duşuşygyň geçiriljek wagtynyň üýtgedilmegini isländigi nygtalýar.
Mesele hakynda Ysraýylly ýolbaşçylar tarapyndan heniz hiç hili resmi beýanat berilmedi
Premýer ministr Netanýahu ýekşenbe güni Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda penşenbe güni Moskwada Putin bilen duşuşjakdygyny aýdypdy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.