Trampyň wezipeden çetleşdirilmegi baradaky myş-myşlar derňeler

Tramp özüniň wezipeden çetleşdirilmegi baradaky myş-myşlara “Bikanun we hyýanatçylykly çemeleşme” diýip jogap berdi

1147947
Trampyň wezipeden çetleşdirilmegi baradaky myş-myşlar derňeler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Federal howpsyzlyk gullugynyň we Adalat ministrliginiň resmileriniň özüni wezipeden çetleşdirmek boýunça gepleşikler geçirendigi baradaky myş-myşlara sosial media arkaly “Bikanun we hyýanatçylykly çemeleşme” diýip jogap berdi.

Donald Tramp Twitter arkaly beren habarnamasynda Amerikanyň “Fox Nýus” ýaýlymynda gepleşik alyp barýan Dan Bonginonyň “Bu ABŞ-nyň Prezidentine garşy bikanun agdarlyşyk synanşygydy” diýen sözlerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirdi.

Tramp şol sözleriň soňuna ýazan “dogry” goşulmasy bilen özüne garşy agdarlyşyk synanşygynyň edilendigi baradaky duýdurmalary tassyklady.

Tramp habarnamasyny Federal howpsyzlyk gullugynyň başlygynyň ozalky orunbasary Andrew MkKabyň Amerikanyň “JBS” teleýaýlymyna beren beýanatyndan soň ýazdy.

Andrew MkKab Adalat mimistriniň orunbasary Rod Rosenşteýniň 2017-nji ýylda özi bilen konstitutsiýanyň “Trampyň ukyply bolmandygy kesgitlenen halatynda wezipeden boşadylmagyny üpjün edýän” maddasy barada käbir ministrler bilen duşuşyk geçirendigini öňe sürdi.

MkKab 25-nji üýtgetme baradaky duşuşyklarda Rod meniň bilen kabinetiň beýleki ýolbaşçylarynyň näçesiniň şeýle işi goldap-goldamajakdygyny gepleşdi” diýdi.

ABŞ-nyň Senatynyň Adalat toparynyň başlygy Senator Lindseý Graham Trampyň wezipeden çetleşdirilmegi üçin öňe sürülen myş-myşlar boýunça derňew işiniň başladyljakdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar