Terror guramasy Taliban ýene-de 7 polis işgärini öldürdi

Talibanly terrorçylaryň, Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň Çemtal etrabyndaky Polisiýa merkezine hüjüm guramagy netijesinde 7 polis işgäri ýogaldy

1146847
Terror guramasy Taliban ýene-de 7 polis işgärini öldürdi

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Adilşah Adil, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, talibanly terrorçylaryň, Çemtal etrabyndaky Polisiýa merkezine hüjüm gurandygyny, hüjümde 7 polis işgäriniň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Taliban guramasynyň ýitgi çekendigini aýdan Adil, goşmaça güýjiň etraba gelmegi bilen terrorçylaryň yza çekilendigini mälim etdi.  

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümde öldürilen polisiýa işgärleriniň arasynda iki serkerdäniň bardygy öňe sürüldi.


Etiketkalar: #Taliban , #hüjüm , #Balh

Degişli Habarlar