Söweşlerde ýogalan çagalar

Berilen hasabata görä 2017-nji ýylda 420 million çaga oklaryň kölegesinde ýaşady

1146252
Söweşlerde ýogalan çagalar
yemen.jpg

2013-2017-nji ýyllar aralygynda ýaraglaryň sesleriniň dynmadyk dünýäniň 10 ýurdynda, 550 müňi bäbek bolmak bilen 5 ýaşdan kiçi azyndan 870 müň çaganyň ýogalandygy çak edilýär. 

'Save the Children' guramasynyň taýýarlan habarnamasy, söweşleriň esasan hem çagalaryň janlaryna howp salýandygyny ýüze çykardy. 

"Çagalar üçin söweşi bes ediň" atly habarnama görä, 2010-njy ýyldan bäri çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitlerdäki çaga ilaty 37 göterim artdy. Şol döwürde tassyklanan hadysalara görä çagalara garşy öldüriji hüjümler we çagalara ýaraglaryň berilmegi ýaly aşa hereketler bolsa 174 göterim artdy. 

Berilen hasabata görä 2017-nji ýylda 420 million çaga oklaryň kölegesinde ýaşady. Bu san 2016-njy ýyla garanyňda 30 million köp. 

Save The Children guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Paul Ronalds söweşleriň esasy gurbanlarynyň çagalardygyny belläp: "Çaknyşyklarda ýogalýan her bir söweşiji üçin bigünä 5 çaganyň ýogalmagy örän utandyryjy" diýip nygtady. 

 

 


Etiketkalar: #çaga , #söweş

Degişli Habarlar