ABŞ Türkiýäniň uýgur türkleri baradaky beýannamasyna goldaw berdi

Bu barasynda ABŞ-nyň Türkiýedäki İlçihanasynyň Twitter hasabyndan habarnama berildi

1146184
ABŞ Türkiýäniň uýgur türkleri baradaky beýannamasyna goldaw berdi

Habarnamada: “ABŞ, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna goşulýar” diýilip, Türkiýäniň mesele baradaky beýanatyndaky “Esassyz tussag etmelere sezewar bolan bir milliondan gowrak uýguryň konslagerlerinde we tussaghanalarda gynamalara hem-de syýasy beýni saplaýyşa duçar bolýandyklary indi syr däl” diýilýär.

Daşary işler ministrligi Hytaýyň degişli edaralarynyň uýgurlara edýän yzgiderli assimilýasiýa syýasatynyň gumanitar taýdan iňňän utandyryjydygyny beýan edipdi.

Hytaýyň degişli edaralaryny konslagerleri ýapmaga çagyran ministrlik; “Türk halk köpçüliginiň adam hukuklaryna edilýän agyr kemsitmelere bolan garşylygyna Hytaýyň degişli edaralarynyň ünsli çemeleşmegine garaşýarys” diýilipdi.

ÝB iýul aýynda Hytaý Pekinde bilen geçiren Adam hukuklary dialogy maslahatyndan soň adam hukuklaryny goraýjylar dini ynançlary sebäpli ezýet çekýän adamlar bilen söz azatlygy hem-de başlangyç adam hukuklarynyň kadalaryna bap gelmeýändigine garamazdan tussag edilen tibetlileriň we uýgurlaryň boşadylmagyny isläpdi.

ABŞ-nyň Kongresinde seljerilýän kanun taslamasy 1 milliondan gowrak uýguryň sezewar bolan agyr basyşlary sebäpli Amerikan hökümetiniň Hytaýa sanksiýa goýmagyny talap edýär.

BMG-niň Rasist diskriminasiýanyň ortadan aýrylmagy komiteti 2018-nji ýylyň 30-njy awgustynda çap eden habarnamasynda, konslagerlerde 1 milliondan gowrak uýguryň saklanandygy baradaky çaklamalary beýan edip, şol çemeleşmäniň howply derejä ýetendigini nygtapdy.

Halkara günägeçişlik guramasy, Adam hukuklaryny öwreniji guramas we köp sanly halkara jemygýetçilik guramasy agyr basyşlara sezewar bolýan 1 milliondan gowrak uýguryň şertleriniň ara alynyp maslahatlaşylmagy, sebite synçy toparyň ugradylmagy we hakykatyň kesgitlenmegi üçin BMG-niň Adam hukuklary toparyna çagyryş edipdi.



Degişli Habarlar