Eýranyň Prezidenti: “ABŞ bilen ikitaraplaýyn sarpanyň çäginde gepleşiklere taýýardyrys” diýdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ bilen ikitaraplaýyn sarpanyň çäginde gepleşiklere taýýardyklaryny belledi

1144562
Eýranyň Prezidenti: “ABŞ bilen ikitaraplaýyn sarpanyň çäginde gepleşiklere taýýardyrys” diýdi

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, paýtagt Tähranda Ministrler kabinetiniň maslahatynda söz sözlän Ruhani, ABŞ-niň ýurduna garşy goýan embargolarynyň halkyň üstünde basyş döredendigini beýan etdi.

“ABŞ bilen ikitaraplaýyn sarpanyň çäginde gepleşiklere taýýardyrys” diýen Ruhani: “Biz diýalygyň tarapdarydyrys. Eger biri belli bir mesele boýunça biz bilen gepleşikler geçirmek isleýän bolsa we halkymyza we kanunlarymyza sarpa goýan bolsa onda gepleşik geçireris” diýdi.  

Ruhani ABŞ-niň embargolarynyň ykdysadyýete zyýan ýetirendigini, emma oňa boýun bolmajakdyklaryny belläp: “Eýranyň halky duşmana boýun bolmaga taýýar däl we duşmana boýun bolmagyň soňy ýok. Eger ABŞ-niň ilkinji ädiminde boýun bolsak, onda soňuna çenli boýun bolmaly bolarys” diýdi.


Etiketkalar: #Eýran , #Hasan Ruhani

Degişli Habarlar