ABŞ Meksika serhedine goşmaça 3750 esger ugradar

ABŞ Meksika serhedinde ozal hem 5900 esger ornaşdyrypdy

1138029
ABŞ Meksika serhedine goşmaça 3750 esger ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon bosgunlaryň bikanun ýagdaýda ýurda girmeginiň öňüniň alynmagy üçin Meksika serhedine goşmaça 3750 esgeriň ugradyljakdygyny mälim etdi.

Pentagonyň metbugat sekretarlygy tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, serhede ugradyljak goşmaça esgerleriň 90 gün möhlet bilen serhetgalasynda iş alyp barjakdygy nygtaldy.

ABŞ, Latyn Amerika ýurtlaryndan ýola çykyp Meksika serhedinden ABŞ-na girmek isleýän bosgunlaryň ýurda girmeginiň öňüniň alynmagy maksady bilen Meksika serhedinde ozal hem 5900 esger ornaşdyrypdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi 12 müň adamlyk iki bosgun kerweniniň ABŞ-na tarap ýola çykandygyny mälim edipdi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #serhet , #esger , #ornaşdyrmak

Degişli Habarlar