Maduro ýurdundaky agdarlyşyk synanşygynyň hötdesinden geljekdiklerini belledi

Maduro türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýurdunda başdan geçirilýän wakalar hakynda maglumat berdi

1134060
Maduro ýurdundaky agdarlyşyk synanşygynyň hötdesinden geljekdiklerini belledi

 

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurdundaky agdarlyşyk synanşygynyň hötdesinden geljekdiklerini aýtdy.

Maduro türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýurdunda başdan geçirilýän wakalar hakynda maglumat berdi.

Wenesuelanyň demokratiýasy we garaşsyzlygy üçin taryhy söweşi başdan geçirýändiklerini aýdan Maduro, “Başdan geçirilýän wakalar ABŞ bilen arabaglanşykly. Bize hüjüm edýärler we Wenesuelany öz oýunjaklary ýaly görmek isleýärler” diýdi.

Maduro Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaidonyň özüni wagtlaýyn prezident hökmünde yglan edip kasam etmeginiň bolsa kanunlara bap gelmeýändigini belledi.

Prezident R. T. Erdoganyň özüne telefon edendigini aýdan Maduro “Jenap Erdogan gymmatlyklara sarpa goýýan adam. Türk halkynyň we Prezident Erdoganyň jebilisigine uly ynam bildirýäris” diýdi.

Maduro kanunlara laýyklykda we adalatly ýagdaýda ýurdunda başdan geçirilýän kynçylyklaryň hötdesinden geljekdiklerini belledi.

Ýewropaly käbir ýurtlaryň irki saýlaw geçirilmän halatynda Guaidony ykrar etjekdiklerini hakyndaky beýanatlary barada hem durup geçen Maduro, Ýewropanyň Wenesuela meselesinde ýalňyşlyk edendigini aýtdy.

Maduro ýurdunyň saýlaw ulgamynyň aç-açandygyny we milli synçy ulgamyny ulanýandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar