ABŞ Wenesuella meselesini maslahatlaşmak üçin Howpsyzlyk geňeşiny nobatdan daşary maslahata çagyrdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň hem maslahata gatnaşmagyna garaşylýar

1132916
ABŞ Wenesuella meselesini maslahatlaşmak üçin Howpsyzlyk geňeşiny nobatdan daşary maslahata çagyrdy

ABŞ Wenesuellada başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiny nobatdan daşary maslahata çagyrdy.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň şenbe güni ýerli wagt bilen 09.00-da jemlenişmegi barada çagyryş berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň hem maslahata gatnaşmagyna garaşylýar.

Wenesuellada düýn oppozisionerleriň we häkimiýetiň tarapdarlarynyň geçiren mitingleri ýurduň we sebitiň geljegi taýdan möhüm özgerlişiklere sebäp bolupdy.

Esasy bölegi oppozisionerleriň gözegçiliginde bolan Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaido oppozisionerleriň mitinginde özüni wagtlaýyn prezident hökmünde ykrar edipdi.

Guaido ABŞ-nyň başda durmagynda Kanada, Kolumbiýa, Peru, Akwador, Braziliýa, Panama, Argentina ýaly ýurtlar tarapyndan Wenesuellanyň wagtlaýyn prezidenti hökmünde ykrar edildi.

Maduro bolsa paýtagt Karakasda Prezident köşgüniň balkonyndan müňlerçe adama ýüzlenip eden çykyşynda ABŞ bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryň bes edilendigini we Amerikaly diplomatlara Wenesuellany terk etmekleri üçin 72 sagat möhlet berendigini aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar