Putin: “Türk dostlarymyzyň bähbitlerine sarpa goýýarys”

Putin bu sözleri Erdogan bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy

1131971
Putin: “Türk dostlarymyzyň bähbitlerine sarpa goýýarys”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ýefrat derýasynyň gündogarynda döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyzlyk zolak barada: “Türk dostlarymyzyň bähbitlerine sarpa goýýarys. Esasanda howpsyzlygyň üpjün edilmegi taýdan” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Kremlde bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Putin ol ýerde sözlän sözünde duşuşygyň diýseň netijeli we özara gatnaşyklara esaslanýan häsýetde geçendigini aýtdy.

Siriýadaky meseläniň syýasy we diplomatik ýollardan çözülmegi üçin tagalla edýändiklerini nygtan Putin; “Siriýa meselesiniň durnukly çözülmegi üçin iş alyp barýarys. Meseläni syýasy we diplomatik ýollardan çözmek isleýäris. ABŞ yza çekilen halatynda ol oňyn başlangyç bolar” diýdi.

Putin liderleriň üç taraplaýyn maslahatynyň nobatdakysyny Moskwada geçirmegi meýilleşdirýändiklerini hem beýan etdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin beýanatynda ähli terrorçylara garşy bilelikde göreşmek boýunça Türkiýe bilen ylalaşýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar