Pakistanda ýolagçy awtobusy bilen nebit tankeriniň kakyşmagy netijesinde 24 adam ýogaldy

Heläkçilikde ilkinji kesgitlemelere görä, 24 adam ýogaldy, 5-i agyr bolmak bilen 16 adam ýaralandy

1130505
Pakistanda ýolagçy awtobusy bilen nebit tankeriniň kakyşmagy netijesinde 24 adam ýogaldy

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, ýurduň günortasynda ýerleşýän Sindh welaýatynynyň Karaçi şäherinden Buluçistanyň Panžgur etrabyna  baran 40 ýolagçysy bolan awtobus nebit tankeri bilen kakyşdy.

Heläkçilikde ilkinji kesgitlemelere görä, 24 adam ýogaldy, 5-i agyr bolmak bilen 16 adam ýaralandy.

Heläkçilikden soň tankerdäki nebitiň dökülmegi bilen iki ulag ýanmaga başlady.

Pakistanda awgust aýynda hem ýolagçy awtobusynyň nebit tankeri bilen kakyşmagy netijesinde 18 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar