Ruhani: “Sünniler bilen türkmenler dolanşykda giňden orun eýelemeli”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ýurtdaky sünniler bilen türkmenleriň dolanşykda giňden orun eýelemelildigini aýtdy

1126480
Ruhani: “Sünniler bilen türkmenler dolanşykda giňden orun eýelemeli”

Gülistan welaýatyna iş saparyny guran Hasan Ruhani ol ýerde žurnalistlere beren beýannamasynda Eýrandaky türkmenleriň we sünnileriň şertleri barada durup geçdi.

Ruhani iş başyna gelmeklerinden bäri tapawutly etniki we messep gatlaklarynyň dolanşykda orun eýelemeklerini isleýändiklerini nygtap, sünnilere we türkmenlere has uly ygtyýarlaryň berilmelidigini aýtdy.

Ukyply türkmenlere we sünnilere tapawutly ugurlarda jogapkärçilikleriň berilip, olardan peýdalanylmalydygyny nygtan Ruhani; “Sünniler we türkmenler biziň pikirimizçe dolanşyga has işjeň gatnaşmaly we olar şoňa laýykdyr. Sowatly we ukyply adamlarymyzdan ýerlikli peýdalanylmaly. Ol, bularyň kanuny haky we hakykata bap gelýär. Hökümetimiziň günortada we demirgazykda mümkimçiliklerden mahrum galan etraplar bilen has ýakyndan gyzyklanýar. Türkmenleriň ýaşaýan ýerleri mümkinçiliklerden has-da mahrumdy” diýdi.

Şol çäkde hökümetiň köp sanly başlangyç edendigini nygtan Ruhani, şu günki günde Eýranda türkmenlerden, sünnilerden we zenanlardan ilçileriň, etrap häkimleriniň, welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň we baş müdirleriň bardygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar