Albaniýada ýaragly hüjüm guraldy

Albaniýanyň Elbasan şäherinde ulaglaryň birine od açylmagy netijesinde 1-i türk raýat bolan jemi 3 adam ýogaldy

1116141
Albaniýada ýaragly hüjüm guraldy

 

Albaniýanyň Içeri işler müdürligi tarapyndan berilen beýanata görä, düýn şahsyýetleri entek näbelli bolmagynda galýan adam ýa-da adamlar tarapyndan Elbasan şäherinde bir ulaga od açyldy.

Hüjümiň netijesinde ulagdaky 3 adam ýogaldy, ýogalanlaryň arasynda 51 ýaşyndaky Türkiýäniň raýatynyň hem bardygy habar berildi.

Wakanyň derňelmegi we günäkärleriň tapylmagy üçin derňew işi başladyldy.



Degişli Habarlar