ABŞ Yrakda täze iki harby merkez açar

Harby merkezler Siriýa serhedine 100 kilometr alysda strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän nokatlarda gurlar

1113945
ABŞ Yrakda täze iki harby merkez açar

 

Yragyň Anbar welaýat Mejlisiniň agzasy Ferhan Duleými, ABŞ-nyň welaýatyň Siriýa serhedinde çölde iki harby merkez açmak barada karar kabul edendigini aýtdy.

Duleými harby merkezlerden biriniň Kaim etrabynyň Ar-Rumana etrapçasynyň demirgazygynda, beýlekisiniň bolsa Rutba etrabynyň gündogarynda açyljakdygyny nygtady.

Harby merkezleriň Siriýa serhedine 100 kilometr alysda strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän nokatlarda guruljakdygyny ýatladan Duleými, Amerikan esgerleriniň Yragyň ýaragly güýçlerine serhetleriň howpszlygynyň üpjün edilmegi taýdan goldaw berjekdigini belledi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Yrak , #harby merkez , #serhet , #ABŞ

Degişli Habarlar