Eýran Pars aýlagynda harby türgenleşik geçirýär

Türgenleşik halkara nebitiň geçişi üçin esasy rol oýnaýan Ormuz bogazynyň golaýynda geçirilýär

1111655
Eýran Pars aýlagynda harby türgenleşik geçirýär

 

Eýranyň Döwlet telewideniýesi, Ynkylap goragçylary goşunynyň Gury ýer güýçleriniň Pars aýlagynda “Uly pygamber 12” atly harby türgenleşige başlandygyny habar berdi.

Türgenleşik halkara nebitiň geçişi üçin esasy rol oýnaýan Ormuz bogazynyň golaýynda geçirilýär.

Türgenleşige hüjüm, logistiki dikuçar we uçarmansyz howa ulaglary gatnaşýar.

ABŞ-nyň deňiz floduna degişli USS Jonn Stennisi uçar gämisi hem düýn Pars aýlagyna giripdi.

 

 



Degişli Habarlar