"ABŞ DAIŞ-iň galyndylarynyň ortadan aýrylmagy üçin Yraga berýän goldawyny dowam etdirer"

Pompeo Yragyň Prezidenti Berham Salih we Premýer ministri Adil Abdulmehdi bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1111560
"ABŞ DAIŞ-iň galyndylarynyň ortadan aýrylmagy üçin Yraga berýän goldawyny dowam etdirer"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo DAIŞ-iň galyndylarynyň ortadan aýrylmagy etabynda ýurdunyň Yraga berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Pompeo Yragyň Prezidenti Berham Salih we Premýer ministri Adil Abdulmehdi bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Robert Palladino mesele barada beren beýanatyna, telefon söhbetdeşliklerinde Pompeo Yrakly liderlere “ABŞ-nyň Siriýada DAIŞ-i nähili ýeňendigini gürrüň berdi” diýdi.

Beýanatda “Döwlet sekretary Pompeo DAIŞ-e garşy göreşde ABŞ-nyň Yraga goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady” diýildi.

Beýanatda Pompeonyň Yragyň Premýer ministri Abdulmehdi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde DAIŞ-iň galyndylarynyň ýok edilmegi üçin ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy göreş hyzmatdaşlygynyň Yragyň ýaragly güýçleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini aýratyn belländigi ýatladyldy.

Telefon söhbetdeşliklerinde ABŞ bilen Yragyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bilen ABŞ-nyň Yraga ykdysady taýdan berýän goldawlary seljerildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar