Çehiýada magdan käninde bolan partlamada 5 işçi ýogaldy

Partlamada 10 işçi ýaralandy, 8 işçi hem ýitdi

1110973
Çehiýada magdan käninde bolan partlamada 5 işçi ýogaldy

 

Çehiýada magdan käninde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä, 5 işçi ýogaldy.

Magdançylyk firmasynyň metbugat geňeşçisi İwo Jeleçowski ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Karwine şäheriniň golaýyndaky kömür magdanynda bolan partlamada 10 işçiniň ýaralanandygyny, 8 işçiniň hem ýitendigini aýtdy.

Partlamadan soň magdançylaryň halas edilmegi işleri güýçli depginde dowam edýär.



Degişli Habarlar