Ak Tam Erdogan-Tramp söhbetdeşligi hakynda beýanat berdi

Sanders Erdogan bilen Trampyň arasynda bolan telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýaant berdi

1107344
Ak Tam Erdogan-Tramp söhbetdeşligi hakynda beýanat berdi

 

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Sanders düýn Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda bolan telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýaant berdi.

Sanders beýanatynda “Erdogan bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki lider Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen terrora garşy göreş we Siriýa meselesini seljerdi. Erdogan bilen Tramp Siriýada iki ýurduň hem howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin edilýän hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşyk gazandy”diýildi.

Telefon söhbetdeşligi hakynda Türkiýe tarapyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan Trampa ekstremit terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG tarapyndan Türkiýäniň howpsyzlygyna abanýan howpa alada bildirýändigini aýtdy. Iki lider Siriýa meselesinde has ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar