Ýemende 3 aýda 1500 adam ýogaldy ýada ýaralandy

Ýemende içerki urşyň başlan gününden bäri häzire çenli azyndan 16 müň adam ýogaldy

1102945
Ýemende 3 aýda 1500 adam ýogaldy ýada ýaralandy

 

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygy  Ýemende içerki urşuň höküm sürýändigi we ýurtda soňky üç aýda awgust-sentýabr-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 1500 adamyň ýogalandygyny ýada ýaralanandygyny mälim etdi.

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň metbugat sekretarlaryndan Mantoo, metbugata beren beýanatynda ýurtda çaknyşýan taraplara asuda ilatyň we infstrukturanyň goralmagy barada çagyryş berdi we Ýemeniň halkynyň çekýän ýitgisiniň gün saýyn agyrlaşýandygyna ünsi çekdi.

Mantoo 3 aýda ýaragly 670 hüjümiň guralandygyny we şol hüjümlerde 1478 adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny belledi.

Mantoo ady agzalýan döwürde 217 çaga bilen zenanyň ýogalandygyny, 268-niň ýaralanandygyny ýatlatdy.

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygynyň metbgat sekretarlaryndan Manto Ýemende içerki urşyň başlan gününden bäri häzire çenli azyndan 16 müň adamyň ýogalandygyny ýatlatdy.

Birnäçe wagtdan bäri syýasy durnuksyzlygyň dowam edýän ýeri bolan Ýemende, Husiler bilen legal hökümete tabynlykdaky güýçleriň arasynda çaknyşyklar başdan geçirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar