ABŞ-nyň 41-nji Prezidenti Buş üçin döwlet derejesinde çäre geçirildi

ABŞ-nyň 94 ýaşynda ýogalan 41-nji Prezidenti Jorj W. Buş üçin paýtagt Waşingtonda döwlet derejesinde çäre geçirildi

1101447
ABŞ-nyň 41-nji Prezidenti Buş üçin döwlet derejesinde çäre geçirildi

94 ýaşynda ýogalan ABŞ-nyň 41-nji Prezidenti Jorj Buş üçin döwlet derejesinde çäre geçirildi

ABŞ-nyň 94 ýaşynda ýogalan 41-nji Prezidenti Jorj W. Buş üçin paýtagt Waşingtonda döwlet derejesinde çäre geçirildi

Teksas ştatynda 30-njy noýabrda ýogalan Buşyň tabydy duşenbe güni Waşingtona getirlipdi.

Öňňin kongresde geçirlen çäreden soň Buşyň tabydy ir ertir kongresden alyndy.

Ak Tamyň öňünden geçen ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Buşyň tabydy Waşingtondaky Milli Katedrala getirildi.

Döwlet derejesinde geçirlen çärä, ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Tramp, ozalky prezidentler Jimmi Karter, Bill Klinton we Barak Obama bilen birlikde köp sanly ýurduň lideri gatnaşdy.

Çärede Buşyň agtyklary Kanadanyň ozalky Premýer ministri Brian Mulroneý bilen taryhçy Jon Mekham çykyş etdi.

 


Etiketkalar: #ozalky , #Jorj Buş , #tabyt

Degişli Habarlar