Parižde Milli Mejlisiň öňünde tiz kömek ulagy oda berildi

Fransiýanyň paýtagty Parižde Milli Mejlisiň öňünde tiz kömek ulagy oda berildi

1100193
Parižde Milli Mejlisiň öňünde tiz kömek ulagy oda berildi

Düýn ir ertir iş şertleriniň agyrdygy sebäpli protest ýörişini geçiren tiz kömegiň işgärleri, Milli Mejlisiň öňünde tiz kömek ulagyny oda berdi.

Tiz kömegiň işgärleri Saglygy goraýyş ministri Agnes Buzyn bilen duşuşmak isleýändiklerini nygtady.

Demonstrantlar agşamara hem şäheriň iň uly köçesinde ýöriş geçirdi.

Tiz kömegiň işgärleri düýn irden Milli Mejlisiň golaýynda bir ýere jemlenşipdi.

Gatnawyň durmagyna sebäp bolan demonstranlar tigirleri oda berdi.

“Döwlet meni öldürdi” diýlip ýazylan şygarlary göteren demonsrantlar Prezident Makronyň wezipesinden çekilmegini isledi.

Howpsyzlyk güýçleri protest ýörişleri sebäpli berk howpsyzlyk çärelerini gördi.



Degişli Habarlar