NATO agza 29 ýurduň daşary işler ministri Brýusselde duşuşar

NATO agza 29 ýurduň daşary işler ministri dekabr aýynyň 4-5-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşar

1099606
NATO agza 29 ýurduň daşary işler ministri Brýusselde duşuşar

2 gün dowam etjek maslahat barada beýanat beren NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, ABŞ bilen ozalky Sowet soýuzynyň arasynda 1987-nji ýylda baglaşylan we Sowet soýuzynyň dargamagyndan soň hem ABŞ bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän INF şertnamasy meselesiniň ertirki maslahatda seljeriljekdigini aýtdy.

Stoltenberg “Russiýa, täze raketa öndürdi we ornaşdyrdy. Raketanyň synagdan geçirilmegi gaty kyn. Raketanyň ýadro mümkinçiligi hem bar. Raketa hiç hili duýduryş berilmezden Ýewropanyň şäherlerine çenli gelip biler. ABŞ, INF şertnamasyna laýyklykda hereket edýär. Ýewropada täze Amerikan raketalary ýok emma rus raketalary bar” diýdi.

Stoltenberg daşary işler ministrleriniň gün tertibinde Ukraina-Russiýa dartgynlygynyň hem esasy rol oýnajakdygyny aýtdy.

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Gürjistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşjakdygyny aýdan Stoltenberg, şol ýurtlaryň Russiýa sebäpli howpsyzlyk taýdan uly kynçylygy başdan geçirýändigini nygtady.

Maslahata Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gatnaşar.

Çawuşoglynyň maslaahtyň çäginde käbir kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #NATO , #ministrler

Degişli Habarlar