Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen ýanwar ýa-da fewral aýynda duşuşyp biler

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen ýanwar ýa-da fewral aýynda duşuşyp biljekdigini mälim etdi

1098927
Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen ýanwar ýa-da fewral aýynda duşuşyp biler

Argentinada geçirilen G20 Liderler maslahatyndan soň Waşingtona gaýdyp barýarka uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Tramp, Demirgazyk Koreýanyň Lideri bilen ikinji bir duşuşygyň geçirilip bilinjekdigini habar berdi.

Kim bilen ýene-de bir duşuşygyň bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga Tramp: “Ýanwar ýa-da fewral aýynda duşuşyk geçirmegi pikir edýärin” diýdi.

Tramp, Kim bilen duşuşygyň nirde geçiriljekdigi bilen bagly soraga bolsa, 3 aýry ýeriň bardygy, emma anyk bir ýeri entek göz öňünde tutmandyklaryny mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň liderini ABŞ-e çagyryp-çagyrylmajakdygy bilen bagly soraga Tramp: “Belli bir etapda hawa” diýip jogap berdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen 12-nji iýunda Singapurda duşuşyk geçiripdiler, duşuşykdan soň iki lider Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglardan saplanmagy babatynda ylalaşyk gazanypdylar.



Degişli Habarlar