"ABŞ-nyň Siriýadaky maksady DAIŞ-e garşy göreşmek däl eýsem Başar Asady agdarmak"

Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Siriýada gizlin meýilnamasynyň bardygyny aýtdy

1094514
"ABŞ-nyň Siriýadaky maksady DAIŞ-e garşy göreşmek däl eýsem Başar Asady agdarmak"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ABŞ-nyň Siriýada gizlin meýilnamasynyň bardygyny aýtdy.

Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Siriýadaky harby güýji barada garaýyş beýan etdi.

Portugaliýa guran resmi saparynyň çäginde metbugata beýanat beren Lawrow, ABŞ-nyň Siriýadaky maksadynyň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşmek däl eýsem Başar Asady agdarmakdygyny öňe sürdi.

ABŞ-nyň Siriýa meselesinde başga meýilnamasynyň bardygyny nygtan Lawrow, resmi Waşingtonyň DAIŞ-e garşy göreşi Siriýadaky harby barlygyny legal hökmünde görkezmek üçin peýdalanýandygyny ýatlatdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar