Yragyň demirgazygynda silde ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi

Sil sebäpli 22 adam hem ýaralandy

1094076
Yragyň demirgazygynda silde ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi

Yragyň demirgazygynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde ýogalanlaryň sany 9 adama ýetdi.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Salahaddin, Mosul we Kerkuk welaýatlarynda aşa köp ýagýan ýagyş gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Yragyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Seýd Al Bedr mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda, Salahaddin welaýatynda 2, Zi Karda 2, Basrada 1 we Wasit welaýatynda hem 1 adamyň ýogalandygyny nygtady.

Sil sebäpli 22 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi silden soň beren ýazmaça beýanatynda sil sebäpli ýitgi çeken welaýatlardaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdypdy.

 



Degişli Habarlar