Demirgazyk Koreýa täze ýaragyny synagdan geçirdi
Demirgazyk Koreýa uzak menzilli topa meňzeýän täze ýaragy synagdan geçirdi
Ýonhap habarlar gullugynyň berýän habarynda, täze ýaragyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen İniň gözegçiliginde synagdan geçirlendigi nygtaldy.
Demirgazyk Koreýanyň lideriniň synagdan geçirlen “Ultra döwrebap” ýaragy “Demirgazyk Koreýanyň ýaragly güýçleriniň çaknyşyk mümkinçiligini artdyrmak üçin esasy göçüm” hökmünde häsiýetlendirendigi ýatladyldy.
Günorta Koreýaly ýolbaşçylardan biri topuň, Demirgazyk Koreýanyň lideriniň kakasy Kim Çen İp döwründen bäri üstünde işlenilýän täze görnüşli uzak menzilli ýaradygyny nygtaýar.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.