Braziliýada ýeriň süýşmegi netijesinde 5 adam ýogaldy

Braziliýanyň paýtagty Rio-de-Ženeýro şäheriniň golaýynda ýeriň süýşmegi netijesinde 5 adam ýogaldy

1085551
Braziliýada ýeriň süýşmegi netijesinde 5 adam ýogaldy

Rio-de-Ženeýro ştatynyň Raýat goranyş gullugynyň metbugat geňeşçisi Roberto Robadeý, ýerli telewideniýe kanaly Globo beren beýanatynda, ýurdyň paýtagtyna 20 km uzaklykda ýerleşýän Niterio şäheriniň Boa Esperansa etrapçasynda 2 gün bäri dowam edýän ýagyş sebäpli bolan ýer süýşgüninde ägirt uly bir gaýanyň 6 öýüň üstüne gaçandygyny habar berdi.

Roberto Robadeý wakada azyndan 5 adamyň ýogalandygyny, 11 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Roberto Robadeý halas ediş işleriniň dowam edýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar