Somalide guralan bombaly hüjümde 23 adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini Şebab guramasy öz üstüne aldy

1085214
Somalide guralan bombaly hüjümde 23 adam ýogaldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda guralan bombaly hüjümde 23 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, paýtagt Mogadişuda ýolbaşçylaryň ýygy-ýygyndan gidýän myhmanhanasy iki bombaly ulag bilen nyşana alyndy.

Hüjümde 9-y Şebab guramasynyň başbozary bolmak bilen 23 adamyň ýogalandygy, 40 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Somaliniň resmi habarlar gullugynda berlen habarda, howpsyzlyk güýçleriniň, myhmanhanany nyşana alan hüjümçilerden 6-syny täsirsiz ýagdaýa getirendigi ýatladyldy.

Şaýatlar ýaragly hüjümden soň, hüjümçiler bilen howpsyzlyk güýçleriniň çaknyşandygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini Şebab guramasy öz üstüne aldy.

 



Degişli Habarlar