Ýaponiýa Eýrandan nebit almaga dowam eder

ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalaryna degişli bolmadyk 8 ýurtdan biri bolan Ýaponiýa, Eýrandan nebit almaga dowam etjekdiklerini habar berdi

1083206
Ýaponiýa Eýrandan nebit almaga dowam eder

Ýaponiýanyň Mainijhi gazetinde berlen habara görä, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Seko, žurnalistleriň ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalary hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Ýapon firmalarynyň ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli Eýrandan nebit almagy bes edendigini ýatladan Seko, sanksiýalaryň Ýaponiýany öz içine almaýandygy baradaky soňky karardan soň firmalaryň ýaňadandan Eýrandan nebit almagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Eýrandan nebit alyp almazlyk meselesine firmalaryň karar berjekdigini aýdan Seko, “Ýeňillik kararyna laýyklykda firmalar umuman alnanda ýaňadandan Eýrandan çig nebit almaga başlar” diýdi.

Ýaponiýanyň iň uly energetika firmalaryndan biri bolan ŽXTH Nippon Eýrandan ýaňadandan nebit almaga başlajakdyklaryny habar berdi.

ABŞ tarapyndan öňňün güýje girizilen sanksiýa bukjasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde eýranly 50 bank bilen 700-den gowrak adam bilen firma sanksiýa kararyna degişli edilipdi.

Amerikan hökümeti Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň, Hytaýyň, Taýwanyň, Hindistanyň we Ýaponiýanyň azyndan  ýene-de 180 gün Eýran bilen söwda etmegine rugsat berýändiklerini aýan edipdi.

 


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #Eýran , #nebit

Degişli Habarlar