Eýranyň Mejlisiniň başlygy ABŞ-niň maksadyna ýetmändigini nygtady

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani ABŞ-niň ýurdunda durnuksyzlyk we nebit eksportynyň öňüne geçmek ýaly maksatlaryna ýetmändigini habar berdi

1083416
Eýranyň Mejlisiniň başlygy ABŞ-niň maksadyna ýetmändigini nygtady

Eýranyň Mejlisi habarlar agentliginiň (ICANA) berýän habaryna görä, paýtagt Tähranda ýurdyň günbatarynda ýerleşýän Kermanşah, Hemedan, Loristan, Iýlam we Huzistan welaýatlarynyň gubernatorlaryny kabul etdi.

Ali Larijani kabul edilşikde eden çykyşynda: “ABŞ, Eýrana garşy güýçli basyş etmek we netijesinde ýurtda içerki gozgalaň çykartmagyň maksadyndady. Emma häzirki wagta çenli maksadyna ýetmedi. Basyş edýänleri dogrudyr, emma nebit eksportynyň öňüni almak şygaryny durmuşa geçirip bilmedi” diýip habar berdi.

Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larijani, ABŞ-niň basyşlaryndan azat bolmak üçin içerki dinamikalardan peýdalanyp, hususy pudagyň öňüni açmak bilen mümkin boljakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #Eýran , #mejlis , #başlyk

Degişli Habarlar