ÝB Eýrana goýlan embargolary kabul etmeýär

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Ykdysadyýetden we maliýe işlerinden jogapkär agzasy Pierre Moskowiji ABŞ-nyň Eýrana goýan embargolaryna goldaw bermeýändiklerini aýtdy

1081859
ÝB Eýrana goýlan embargolary kabul etmeýär

Pierre Moskowiji Fransiýanyň Frans İnfo radioasyna ABŞ-nyň 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygynyň çäginde saklanan Eýrana goýlan embargolaryň ýaňadandan güýje girmegi hakyndaky karary barada garaýyş beýan etdi.

Pierre Moskowiji “ÝB, ABŞ-nyň Eýrana ýaňadandan embargo goýulmagyny kabul etmeýär” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýda ýurdunyň ýadro ylalaşygyndan çekilýändigini we Eýrana ýaňadandan embargo goýuljakdygyny habar beripdi

 


Etiketkalar: #ÝB , #embargo

Degişli Habarlar