Owganystanda Talibanly başbozarlaryň guran hüjüminde 13 adam ýogaldy

Owganystanyň Ghazni welaýatynda bir gözegçilik nokadyna Talibanly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde azyndan 13 esger we polis ýogaldy

1081835
Owganystanda Talibanly başbozarlaryň guran hüjüminde 13 adam ýogaldy

Owganystanly resmi Arif Noori, Talibanly başbozarlaryň welaýatyň Khogýani diýilen ýerinde ýerleşýän gözegçilik merkezine hüjüm gurandygyny, hüjümde 7 esgeriň we 6 polis işgäriniň ýogalandygyny habar berdi.

Noori çaknyşygyň 3 sagat dowam edendigini, 4-si esger bolan 10-dan gowrak adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandyklaryny habar berdi.  


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #hüjüm

Degişli Habarlar