Makron Tramp bilen Stambulda geçiriljek maslahat barada pikir alyşdy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ertir Siriýa meselesi boýunça Stambulda geçiriljek dörttaraplaýyn maslahat barada pikir alyşdy

1075992
Makron Tramp bilen Stambulda geçiriljek maslahat barada pikir alyşdy

Fransiýanyň Prezident köşkünden berilen ýazmaça beýannamada liderleriň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendikleri habar berildi.

Beýannamada Makron bilen Trampyň ýokary derejeli maslahatdan ozal Siriýada ýetilen soňky sepgidi ara alyp maslahatlaşandyklary nygtalyp, fransuz lideriň İdlib welaýatynda ylalaşygy dowam etdirmek we Siriýanyň ähli ýerinde hüjümleri bes etmek maksady bilen geçirilýän syýasy gepleşikler barada maglumat berendigi mälim edildi.

Beýannamada Prezident Trampyň mesele boýunça Fransiýa goldawyny beýan edendigi nygtalyp; “Fransiýa we ABŞ Siriýada şol bir syýasy, gumanitar we howpsyzlyk maksatlaryna eýe. Prezident Tramp döwlet Ýolbaşçysy Makrondan Stambulda geçiriljek dörttaraplaýyn maslahatda şol pozisiýany eýelemegini isledi” diýilýär.

Beýannamada Orta Aralykly Ýadro Güýçler Ylalaşygy barada pikir alyşan liderleriň gysga möhletde mesele boýunça Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirmek baradaky pikirlerini beýan edendiklerine üns çekilýär.

Siriýa meselesindäki dörttaraplaýyn maslahat Prezident R.T.Erdoganyň ýer eýeçiliginde Russiýanyň we Fransiýanyň Prezidentleriniň hem-de Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň gatnaşmagynda 27-nji oktýabrda Stambulda geçiriler.



Degişli Habarlar