Ýaponiýa Hytaý bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Ýaponiýanyň Premýer ministri Hytaýda saparda bolar

1074726
Ýaponiýa Hytaý bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe Hytaý bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini aýtdy.

Şinzo Abe şu hepde Hytaýa gurajak resmi saparynyň öňüsyrasynda parlamentde beren beýanatynda Ýaponiýa bilen Hytaýyň sebitiň durnuklylygyndan we parahatçylygyndan jogapkärdigini nygtady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi umyt edýändiklerini belledi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Abeniň 3 günlik resmi saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy we Premýer ministri bilen duşuşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar