“ABŞ 4-nji noýabry eýranyň halky üçin gussaly bir ýatlama öwürip bilmez”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ABŞ-niň sanksiýalaryň 2-nji etabynyň başlajak güni bolan 4-nji noýabry eýranyň halky üçin gussaly bir ýatlama öwürip bilmejekdigini belledi

1074733
“ABŞ 4-nji noýabry eýranyň halky üçin gussaly bir ýatlama öwürip bilmez”

Eýranyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanata görä Ruhani, Medeni rewolýusiýa Ýokary geňeşiniň maslahatynda ABŞ-niň sanksiýalarynyň ikinji tapgyry bilen bagly beýanat berdi.

Hasan Ruhani: “ABŞ 4-nji noýabry eýranyň halky üçin gussaly bir ýatlama öwürmegi maksat edinýär, emma eýranyň milletiniň garşylyk ruhy we batyr liderligi saýasynda munda başarnykly bolmaz” diýip nygtady.

ABŞ-niň 2-nji sanksiýa pakediniň güýje girmegi üçin beren möhledi 4-nji noýabrda dolýar.

Şol günden başlap Eýranyň Milli nebit kärhanasy, Eýranyň Nebit söwda kärhanasy we Milli tanker kärhanasyna halkara derejede çäklendirmeler giriziler we ykdysadyýetiniň agramly bölegi nebite bagly bolan Eýranyň nebit we nebit önümleriniň satuwyna embargolar giriziler.

Sanksiýalaryň 2-nji etabynyň güýje girmegi bilen Eýranyň nebit eksportynyň günlik 500 müň bilen 1 million barrel peselmegine garaşylýar. Bu bolsa takmynan 60 milliard dollar bolan Eýranyň ýyllyk nebitiň girdejisiniň 27 milliard dollara çenli azalmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #Eýran , #halk , #sanksiýa

Degişli Habarlar