Kanada Saud Arabystany bilen baglaşan ýarag şertnamasyny bes edip biler

Saud Arabystanynyň hökümeti 20-nji oktýabrda Kaşykçynyň konsullyk binasynda başdan geçirilen gowganyň netijesinde ölendigini beýan edipdi

1073667
Kanada Saud Arabystany bilen baglaşan ýarag şertnamasyny bes edip biler

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo, saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmeginden soň, Saud Arabystany bilen baglaşylan we jemi gymmady 15 milliard dollardan geçýän goranyş şertnamasyny bes edip biljekdiklerini habar berdi.

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo, Federal Parlamentdäki maslahatyň sorag-jogap bölüminde, oppozisiýadaky Täze Demokrat partiýanyň saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi we Ýemende dowam edýän söweşe garamazdan, Kanadanyň Saud Arabystanyna ýarag satuwyny näme üçin duruzmandygy baradaky soragyna jogap berdi.

Jastin Trýudo: “Ozal Saud Arabystanynyň eksport rugsatnamalaryny erbet maskatlar üçin ulanandyklary sebäpli bu rugsatnamalary doňdurypdyk. Muny ýaňadandan etmek üçin çekinmeris” diýdi.

Jastin Trýudo, mejlis oturlyşygyndan ozal hem metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Kanadanyň Kaşykçy jenaýatynyň derňelmeginde hyzmatdaşlary bilen bilelikde işleşýändigini habar beripdi.

Washington Post gazediniň işgäri saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy, 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sişenbe güni resmi işler üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky başkonsullygyna gireninden soň dereksiz ýitipdi.

Saud Arabystanynyň hökümeti 20-nji oktýabrda Kaşykçynyň konsullyk binasynda başdan geçirilen gowganyň netijesinde ölendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar