"Britaniýa saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegini berk ýazgarýar"

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegini berk ýazgarýandyklaryny aýtdy

1073691
"Britaniýa saudy žurnalist Jemal Kaşykçynyň öldürilmegini berk ýazgarýar"

Parlamentde çykyş eden Meý “Parlamentiň ähli agzalary Jemal Kaşykçynyň öldürilmegini berk ýazgarýan bolsa gerek. Waka bilen arabaglanşykly ähli hakykatlar öwrenilmeli” diýdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Hunt bolsa Saud Arabystanynyň Jemal Kaşykçynyň gowgada ýogalandygy baradaky garaýyşlaryna ynanmaýandyklaryny aýtdy.

Parlamentde Kaşykçynyň öldürilmegi hakynda geçirlen ýörite oturlyşykda çykyş eden Hunt, saudy žurnalistiň öldürilmegini berk ýazgarýandyklaryny nygtady.

Hunt “Wakadan jogapkär her bir adamdan hasap soralmaly” diýdi.

 



Degişli Habarlar