Kataryň Goranmak ministri Ankara geldi

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Kataryň Wise-premýeri we Goranmak işlerinden jogapkär döwlet ministri Halid Bin Muhammed El-Atiýýe bilen duşuşyk geçirdi

1068907
Kataryň Goranmak ministri Ankara geldi

Hulusi Akar paýtagt Ankara resmi sapar bilen gelen Atiýýeni Milli Goranmak ministrliginde geçirilen harby dabara bilen garşylady.

Harby topara bilen salamlaşan Atiýýeniň Ministrligiň Hormatly depderine gol çekeninden soň, iki ministr gepleşikler geçirmäge geçdiler.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurdyň arasyndaky gatnaştklar, sebitleýin meseleler we goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Atiýýe şu gün agşam Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hem kabul ediler.



Degişli Habarlar