ABŞ şu ýyl 55 milliard dollarlyk ýarag satdy

ABŞ 2017-nji ýylda daşary ýurtlara 41,93 milliard dollarlyk ýarag satypdy

1066984
ABŞ şu ýyl 55 milliard dollarlyk ýarag satdy

ABŞ-niň Goranmak, Howpsyzlyk hyzmatdaşlyk agentligi ABŞ-niň 2018-nji ýylda daşarky harby enjam satuwalarynyň çäginde daşary ýurtlara 2017-nji ýyla garanyňda 33 göterimlik artyş bilen 55,66 milliard dollarlyk ýarag satandygyny habar berdi.

Agentlikden berilen beýanatda, ady agzalan satyş işleri bilen bagly çykdajylaryň 47,71 milliard dollarynyň ýarag satyn alan ýurtlar tarapyndan çykarylandygy, galan 3,52 milliard dollarlyk mukdaryň bolsa ABŞ-niň Döwlet sekretarlygy, 4,42 milliard dollarlyk mukdaryň bolsa ABŞ-niň Goranmak ministrligi tarapyndan daşary harby ýardam programmasynyň çäginde berilendigi mälim edildi.

ABŞ 2017-nji ýylda daşary ýurtlara 41,93 milliard dollarlyk ýarag satypdy.


Etiketkalar: #ABŞ , #ýarag , #satmak

Degişli Habarlar