ABŞ F-35 kysymly uçarlaryň uçuşyny saklady

“F-35 uçarlarynyň ýangyç turbalarynda geçirilýän barlagyň dowam edýändigi sebäpli F-35 uçarlarynyň uçuşyny saklady”

1067195
ABŞ F-35 kysymly uçarlaryň uçuşyny saklady

ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda geçen hepde F-35B kysymly harby uçaryň heläkçilige uçramagyndan soň, ABŞ –na we ähli hyzmatdaşlaryna degişli F-35 kysymly uçarlaryň uçuşyny saklady.

Mesele barada beýanat beren Hüjüm maksatnamasynyň metbugat sekretary Dellawedowa, “F-35 uçarlarynyň ýangyç turbalarynda geçirilýän barlagyň dowam edýändigi sebäpli ABŞ-nyň ýaragly güýçleri we halkara hyzmatdaşlary wagtlaýyn F-35 uçarlarynyň uçuşyny saklady” diýdi.

Dellawedowa 28-nji sentýabrda Günorta Karolina ştatynyň golaýynda heläkçilige uçran F-35B kysymly uçar hakynda geçirilýän barlag işiniň ilkinji netijelerine görä, uçuşlaryň saklanmagy barada kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň ýaragly güýçlerinden berlen ýazmaça beýanatda “Ysraýylyň Howa güýçleri ähli synaglary doly tamamlaýança F-35I kysymly harby uçarlaryň uçuşyny saklady” diýildi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar