Siriýanyň Rakka şäherinde köpçülikleýin mazarlar tapylýar

Siriýanyň Rakka şäherinde terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar tarapyndan öldürilen adamlaryň köpçülikleýin mazarlary tapylmaga dowam edýär

1065817
Siriýanyň Rakka şäherinde köpçülikleýin mazarlar tapylýar

Rakkanyň Raýat mejlisiniň ýolbaşçysy Ebdulselam Hewsorik, Rakkada 450-si çaga bolmak bilen jemi 2 müň 600 adama degişli 3 sany täze köpçülikleýin mazar tapandyklaryny habar berip, sebitiň ýene-de ençeme ýerinde köpçülikleýin mazarlaryň bardygyny mälim etdi.

Köpçülikleýin mazarlarda öldürilen adamlaryň aglabasynyň asuda ilatdan ybaratdygy we häzirki wagtda Rakkanyň 8 aýry ýerinde köpçülikleýin mazarlaryň tapylandygy beýan edildi.

Terror guramasy DAIŞ köpçülikleýin mazarlardaky adamlaryň jesetleriniň çykarylmazlygy üçin mazarlaryň daş-töweregine minalar ýerleşdiripdir.

Minalaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen köpçülikleýin mazarlar ýüze çykmaga başlady.

Geçen aý Rakkanyň Aýn Isa obasynda DAIŞ tarapyndan 2014-nji ýylda öldürilen siriýaly esgerlere degişli köpçülikleýin mazar tapyldy.

Köpçülikleýin mazardan çykarylan jesetler Demokratik Siriýa güýçleri tarapyndan Siriýanyň goşunyna berilipdi.

Rakkanyň günorta-günbatary Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astynda bolsa, galan bölegi Demokratik Siriýa güýçleriniň gözegçiligi astynda.



Degişli Habarlar