Nýu-Ýorkdaky ulag heläkçiliginde 20 adam ýogaldy

ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherinde bolan ulag heläkçiliginde 20 adam ýogaldy

1064175
Nýu-Ýorkdaky ulag heläkçiliginde 20 adam ýogaldy

Nýu-Ýork ştatynyň Polisiýa edarasy, ştatyň Skoheri etrabynda bir mikroawtobus bilen toý limuzininiň çakyşandygyny habar berdi.

Polisiýa edarasynyň resmileri wakada 20 adamyň ýogalandygyny, ýogalan adamlaryň 18-siniň limuziniň içinde bolandygyny habar berdi.

Şaýatlaryň biri limuziniň depeden aşak sagatda 100 km tizlik bilen barýandygyny, beýleki şaýatlar bolsa heläkçiligiň gorkunçdygyny belläp, beýanat bermekden saklandylar.

Polisiýa edarasynyň resmileri derňew işiniň dowam edýändigini we wakanyň nädip bolandygyny entek anyklamandyklaryny habar berdiler.
 



Degişli Habarlar