"TürkAkym taslamasy ÝB-ne agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçiriljek taslama bolup biler"

Lawrow ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakyndaky soraglaryna jogap berdi

1062582
"TürkAkym taslamasy ÝB-ne agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçiriljek taslama bolup biler"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow TürkAkym tebigy gaz turba geçirijisi taslamasynyň diňe Türk-Rus taslamasy däl eýsem ÝB-ne agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçiriljek taslama bolup biljekdigini aýtdy.

Lawrow wenger kärdeşi Peter Szižžiarto bilen paýtagt Moskwada bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýanatynda žurnalistleriň energetika meselesinde ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

ÝB bilen Russiýanyň energetika meselesinde ozallar ýakyndan hyzmatdaşlyk edendigini aýdan Lawrow, häzirki wagtda bolsa gepleşikleriň saklanandygyny belledi.

Ukrainanyň tebigy gazynyň daşalmagy ulgamyna alada bildirýändikleri we üstaşyr ýurt hökmünde ynamsyzlygyny görkezendigi üçin rus energetika firmasy Gazpromyň Ýewropaly hyzmatdaşlary bilen Demirgazyk Akym geçirijisini gurandygyny aýdan Lawrow “Demirgazyk Akym-2 tebigy gaz turba geçirijisiniň gurluşygyna başlandy. Degişli resminamalar alyndy. Mundan başgada TürkAkym tebigy gaz turba geçirijisi taslamasy diňe Türk-Rus taslamasy däl eýsem ÝB-ne agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçiriljek taslama bolup biler” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar