Indoneziýadaky ýer titremede we sunamide ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Sulawesi adasynda geçen hepde başdan geçirilen ýer titremede we ondan soň bolan sunamide ýogalan adamlaryň sany 1558-e ýetdi

1062793
Indoneziýadaky ýer titremede we sunamide ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Milli apat dolanşygy agentliginden berilen beýanatda, goşa heläkçilikde ýogalan adamlaryň sanynyň 1558-e ýetendigi mälim edildi.

Ýurdyň demirgazygyndaky Sulawesi adasynda Palu aýlagynyň 27 km demirgazygynda, ABŞ-niň Geologiýa ylmy-derňew guramasynyň berýän maglumatyna görä 7,5 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Ýerli çeşmeler bolsa ýer titremäniň 7,4 bal ululygyndadygyny mälim etdi.

Ýer titremeden soň Dongala we Palu şäherlerini beýikligi 3 bilen 6 metr aralygynda sunamiler urupdy. 

Indoneziýada 2004-nji ýylyň 26-njy dekbarynda 9,1 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide 230 müň adam ölüpdi.



Degişli Habarlar