Russiýa NATO nägilelik bildirdi

Russiýanyň hökümeti NATO-nyň şu aýyň ahyrynda serhediniň golaýynda geçirjek "Trident Juncture 2018" harby türgenleşigine nägilelik bildirdi

1061248
Russiýa NATO nägilelik bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa: “Russiýa howpsyzlygyny üpjün etmek üçin gerek bolan çäreleri görer” diýip habar berdi.

Mariýa Zaharowa NATO tarapyndan geçiriljek türgenleşik bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Norwegiýanyň Amerikan deňiz güýçleriniň esgerlerini öz topraklarynda ýerleşdirmegini dost bolmaýan ädim hökmünde häsýetlendiren Mariýa Zaharowa, Russiýanyň serhediniň golaýynda 30-dan gowrak ýurtdan 40 müňden gowrak esgeriň gatnaşmagynda geçiriljek harby türgenleşigiň NATO-nyň Norwegiýa taryhyndaky iň uly türgenleşik boljakdygyna ünsleri çekdi.  

Mariýa Zaharowa NATO agza uly döwletleriň, Russiýanyň serhediniň golaýynda harby güýjüni artdyrýandygyny belläp: “NATO-nyň ähli bu taýýarlyklary ünsden düşürilmez. Russiýa öz howpsyzlygyny üpjün etmek üçin gerek bolan çäreleri görer” diýip mälim etdi.  

NATO-nyň "Trident Juncture 2018" harby türgenleşigi Norwegiýada 25-nji oktýabrda başlar.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bu türgenleşigiň alýansyň soňky ýyllardaky iň uly türgenleşikleriniň biri boljakdygyny beýan etdi.

Ýens Stoltenberg goranmak maksatly bolan türgenleşige 31 ýurtdan takmynan 45 müň esgeriň, 150 uçaryň, 60 gäminiň we 10 müňden gowrak harby ulagyň gatnaşjakdygyny habar berdi.
 



Degişli Habarlar