Putin Siriýanyň Idlib sebiti bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Türkiýe bilen Siriýanyň Idlib sebitinde ýaraglardan saplanan zolak döredilmek babatynda gazanan ylalaşyklarynyň gan dökülmeginiň öňüni alandygyny habar berdi

1061772
Putin Siriýanyň Idlib sebiti bilen bagly beýanat berdi

Wladimir Putin paýtagt Moskwada geçirilen Russiýa Energetika hepdeliginiň çäginde, Siriýada başdan geçirilen soňky wakalaryň üstünde durup geçdi. 

ABŞ-niň Siriýada bikanun ýagdaýda ýerleşendigini aýdan Putin: "ABŞ Siriýada ýerleşip, BMG-niň ylalaşygynyň düzgünlerini bozýar" diýdi. 

Çykyşynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Idlibde parahatçylygyň goralmagy bilen bagly gazanylan Soçi ylalaşygynyň hem üstünde durup geçen Putin: "Bu sebitde ganyň dökülmeginiň öňüni alan örän gowy bir ylalaşyk. Russiýa we Türkiýe, Eýranyň goldawy bilen bu ylalaşygy durmuşa geçirýär" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar