Owganystanda saýlaw mitinginde kamikaze hüjümi guraldy

Wakada 13 adam ýogaldy

1060830
Owganystanda saýlaw mitinginde kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda geçirilen saýlaw mitinginde guralan kamikaze hüjüminde 13 adam ýogaldy.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani, kamikaze hüjümçisiniň üstüne ýerleşdiren bombasyny, Nangarharyň deputatlyga dalaşgäri Nasir Mohmandyň saýlaw mitingininde partladandygyny habar berdi.

Ataullah Hogýani hüjümde şeýle hem 30 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok.

Owganystanda parlament saýlawlarynyň 20-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Milli Birlik hökümetiniň ylalaşygyna görä deputat we welaýat mejlis saýlawlarynyň 2015-nji ýylda geçirilmelidi, emma saýlawlar döwlet ýolbaşçysynyň ýörite karary bilen yza süýşürilipdi.



Degişli Habarlar